Prezident R. T. Erdogan Serbiýa bardy

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda käbir ugurlarda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylar

Prezident R. T. Erdogan Serbiýa bardy

Prezident Erdogany paýtagt Belgradyň Nikola Tesla howa menzilinde Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç, Premýer ministri Ana Brnawiç we Serp ministrler bilen birlikde Türkiýäniň Belgratdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tanžu Bilgiç garşylady.

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda käbir ugurlarda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylar.

Prezident Erdogan özara we toparara gepleşiklerden soň serp kärdeşi bilen metbugata beýanat berer.

Türkiýe-Serbiýa İşewürler maslahatyna gatnaşjak Prezident Erdogan Serbiýanyň Prezidentiniň hormatyna berjek agşam naharyna hem gatnaşar.

 



Degişli Habarlar