Janikli: “Siriýadan Türkiýä garşy howplar dolulygyna ortadan aýrylýança çenli ol ýerde bolarys”

Goranmak ministri: “Siriýadan Türkiýä garşy howplar dolulygyna ortadan aýrylýança çenli ol ýerde bolarys” diýdi

Janikli: “Siriýadan Türkiýä garşy howplar dolulygyna ortadan aýrylýança çenli ol ýerde bolarys”

Türkiýäniň Milli Goranmak mnistri Nurettin Janikli Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýadan Türkiýä garşy howplar dolulygyna ortadan aýrylýança çenli ol ýerde boljakdyklaryny belledi

Nurattin Janikli Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin giden gruziýanyň Batumi şäherinde mekdepleriň birine baran mahalynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Idlibdäki operasiýa bilen baglanşykly beýanat berdi.

Janikli: “Siriýadan Türkiýä garşy howplar dolulygyna ortadan aýrylýança çenli ol ýerde bolarys” diýip belledi.

Türkiýäniň Azat Siriýa goşunyna goldaw berýändigini aýdan Nurettin Janikli: “Ol ýerde bilelikde hereket edýänimiz Azat Siriýa goşuny bar, ýagny siriýalylar bar. Olar öz territoriýasyny özleri goraýarlar. Bizem olara goldaw berýäris” diýdi.



Degişli Habarlar