Habur gümrük geçelgesiniň golaýyndaky harby türgenleşik dowam edýär

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabyndaky Habur gümrük geçelgesiniň golaýynda 18-nji sentýabrda başladylan harby türgenleşik dowam edýär

Habur gümrük geçelgesiniň golaýyndaky harby türgenleşik dowam edýär

Yrak serhedindäki Habur gümrük geçelgesinden 3 kilometr alysda geçirilýän harby türgenleşige Yragyň ýaragly güýçleri hem gatnaşýar.

Harby türgenleşikde yrakly we türk esgerler duşmanyň odundan goranmak, duşmana degişli ýerleri ele geçirmek ukyplaryny gözden geçirýär.

Harby türgenleşige sowutly ulaglar gatnaşmaýar.

 



Degişli Habarlar