Erdogan ABŞ bilen başdan geçirilýän wiza dartgynlygynyň gynandyryjydygyny aýtdy

Resmi sapar bilen Ukraina baran Erdogan döwlet Baştutany Petr Poroşenko bilen bilelikde metbugata beýanat berdi

Erdogan ABŞ bilen başdan geçirilýän wiza dartgynlygynyň gynandyryjydygyny aýtdy

Prezident Erdogan Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda wiza beriş işiniň bes edilmegi barada: “Bu karar ähli zatdan ozal gynandyryjy. Ýagny Ankarada Amerikanyň ilçisiniň şeýle karar kabul edip, güýje girizmegi gynandyryjy. Daşary işler ministrligimiziň resmileri karary eşiden badyna işe girişdiler” diýdi.

Prezident Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Türkiýe hukuk döwleti. Biz tire-taýpa däl, tire-taýpa döwleti hem däl. Olaryň yglan eden teksti nähili bolsa iki taraplylyk esasyna görä Biziň ABŞ-daky ilçihanamyz tarapyndan çap edildi. Ýetilen sepgit şundan ybarat” diýdi.



Degişli Habarlar