“ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini ABŞ-nyň wekili hökmünde görmeýäris"

“Wiza dartgynlygyny Türkiýe däl eýsem ABŞ başlatdy”

“ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini ABŞ-nyň wekili hökmünde görmeýäris"

Prezident R. T. Erdogan ABŞ bilen başdan geçirlen wiza dartgynlygyny Türkiýäniň däl eýsem ABŞ-nyň başladandygyny aýtdy.

 Resmi sapar bilen Serbiýa giden Prezident Erdogan kärdeşi Aleksandr Wuçiç bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky wiza dartgynlygy hakynda durup geçen Prezident Erdogan “Dartgynlygy biz başlatmadyk. Meseläniň jogapkäri ABŞ-dyr” diýdi.

Prezident Erdogan Amerikaly ýolbaşçylaryň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen wiza dartgynlygyndan öň gepleşik geçirmändigini nygtady.

Prezident Erdogan “Eger Wiza işleriniň bes edilmegi kararyny ABŞ-nyň ilçi özbaşyna kabul eden bolsa ol bu wezipesini dowam etdirip bilmez. Ýok eger arkasynda Amerikan hökümeti bar bolsa onda biziň aýdara sözümiz ýok. Kaziýet işi gozgalan adam ABŞ-nyň Stambuldaky Baş konsullygynyň işgäri saklanýar, kaziýet işine çekilýär we tussag edilýär. Baş konsullykda işleýän ýene-de bir adamyň Fetullahçy terror guramasy bilen arabaglanşygynyň bardygy ýüze çykýar. Bu hem ol ýerde haýsydyr bir kemçiligiň bardygyny görkezýär. Bu içalylar nähili ýagdaýda ABŞ-nyň Baş konsullygyna ýerleşdi. Ýada olary bu ýere kim ýerleşdirdi?” diýip sorady.

“Meniň ilçim şeýle karar kabul eden etse men onuň ýekeje sagat hem bolsa wezipesini dowam etdirmegine rugsat bermerin” diýen Prezident Erdogan “ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jon Bass hoşlaşyk saparlaryny guraýar. Meniň bilen birlikde ministrlerim hem şol ilçini kabul etmeýäris. Sebäbi biz şol adamy ABŞ-nyň wekili hökmünde görmeýäris” diýdi.

 


Etiketkalar: ABŞ , dartgynlyk , wiza , Serbiýa , Erdogan , Prezident

Degişli Habarlar