Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky wiza dartgynlygy dowam edýär

ABŞ-nyň Türkiýedäki ilçisiniň geňeşçisi Filip Kosnett Daşary işler ministrligine çagyryldy

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky wiza dartgynlygy dowam edýär

Filip Kosnette Türkiýäniň ABŞ-nyň türk raýatlaryna wiza beriş işlerini bes etmeginden dänmegi barada çagyryş berýändigi ýetirildi.

ABŞ-nyň Türkiýä garşy wize beriş işlerini bes etmegi baradaky karardan soň Daşary işler ministriniň orunbasary Ümit Ýalçyn hem düýn ABŞ-nyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Bass bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdy.

ABŞ ilçihanalara we konsullyklara barýan adamlaryň sanyny azaltmak maksady bilen Türkiýedäki ähli amerikan diplomatik wekilhanalardaky bosgun bolmaýan adamlara wiza beriliş işleriniň bes edilendigini habar beripdi.

Türkiýe bu karara jogap hökmünde ABŞ-nyň raýatlaryna wiza beriş işlerini bes edipdi.


Etiketkalar: konsullyk , ilçi , ilçihana , wiza , Türkiýe , ABŞ

Degişli Habarlar