Prezident Erdogan resmi sapar bilen Ukraina gitdi

Prezident Erdogana resmi saparynyň çäginde uly topar ýoldaşlyk edýär

Prezident  Erdogan resmi sapar bilen Ukraina gitdi

Prezident Erdogan resmi saparynyň çäginde Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko bilen Türkiýe bilen Ukrainanyň arasyndaky Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy maslahatyna gatnaşar.

Maslahatda iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Resmi saparyň çäginde şeýle hem iki ýurduň arasynda energetika we syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Prezident R. T. Erdogana Ukraina guraýan resmi saparynda aýaly Emine Erdogan, Wise-premýer Fikri Yşyk, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Hulusi Akar, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýrak, ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Mehmet Özhaseki, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministri Ahmet Arslan, Tokaý hojalygy we suw işleri ministri Weýsel Erogly bilen Azyk, oba hojalyk we maldarçylyk ministri Ahmet Eşref Fakybaba ýoldaşlyk edýär.

 

 



Degişli Habarlar