PKK-ly 41 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Guralýan operasiýalar giň-gerimli dowam edýär

PKK-ly 41 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyndaky Zap etrapçasyna we Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda guralan howa hüjüminde aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hakkari welaýatynyň Şemdinli Balkaýalar etrapçasynda PKK-ly terrorçylara garşy uçarmansyz howa ulagy bilen guralan howa hüjüminde 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Welaýatda guralýan operasiýalar dowam edýär.

Beýleki tarapdan İçeri işler ministrligi oktýabr aýynyň 2-9-y aralygynda terror guramasyna garşy guralan operasiýalar hakynda maglumat berdi.

Operasiýalarda 18-i öli, 15-i sag, 8-i boýun egmek bilen jemi PKK-ly 41 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 



Degişli Habarlar