Muglada PKK-a agza terrorçylar tussag edildi

Geçirilen operasiýa arkaly göz tussaglygyna alynan 4 adam saglyk gözegçiliginden geçirileninden soň kazyýete äkidildi

Muglada PKK-a agza terrorçylar tussag edildi

Mugla welaýatynyň Seýdikemer etrabynda geçirilen operasiýada Siriýanyň Latakiýa welaýatynda aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylary deňiziň üsti bilen getiren Siriýa degişli gäminiň 3 işgäri bilen 1 terrorçy göz tussaglygyna alyndy.

Welaýatyň Içeri işler müdürliginiň Terrora garşy göreş bölüminiň işgärleri terrorçylary Mugla getiren Siriýa degişli gäminiň 3 işgäri bilen 1 terrorçynyň Seýdikemer etrabyndadyklaryny anykladylar.

Geçirilen operasiýa arkaly göz tussaglygyna alynan 4 adam saglyk gözegçiliginden geçirileninden soň kazyýete iberildi.

4-nji oktýabrda Seýdikemer etrabynyň golaýynda geçirilen ýol gözegçilik işlerinde 4 terrorçy we olara kömek edýän 3 adam tussag edildi, bir gün soň bolsa 5 terrorçy täsrisiz ýagdaýa getirilipdi. Resmiler bu iki terrorçylar toparynyň biri-birinden garaşsyz hereket edendiklerini bellediler.



Degişli Habarlar