Wenezuellanyň Prezidenti Maduro Türkiýede saparda bolýar

Wenezuella Boliwar Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro resmi saparynyň çäginde Prezident R.T.Erdogan tarapyndan kabul ediler

Wenezuellanyň Prezidenti Maduro Türkiýede saparda bolýar

Prezident Erdogan we Maduro özara gatnaşyklar barada pikir alyşyp, sebitleýin we halkara meseleleri seljererler.

İkiçäk we toparara duşuşyklarda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk we söwda pudagy ýaly birnäçe ugur gün tertibine geler.

Saparyň çäginde daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylyk etmeginde Bilelikdäki Hyzmatdaşlyk Toparynyň ikinji maslahaty geçiriler.

Madruo Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy İsmail Kahraman bilen hem duşuşar.

Erdogan we Maduro soňky gezek sentýabr aýynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen maslahatynda duşuşypdy.



Degişli Habarlar