Türkiýäniň içeri we daşary syýasaty Afýonkarahisarda ara alynyp maslahatlaşylar

Prezident R.T.Erdogan 41 aý soň Adalat we ösüş partiýasynyň Seljeriş we geňeş maslahatyna ýolbaşçylyk eder

Türkiýäniň içeri we daşary syýasaty Afýonkarahisarda ara alynyp maslahatlaşylar

Maslahat Prezident Erdoganyň açylyş çykyşy bilen başlar.

Maslahatda Yragyň Kürt Awtonomiýasynda geçirilen bikanun garaşsyzlyk referendumy bilen birlikde daşary syýasat ugry giňişleýin ara alynyp maslahatlaşylar.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly halk deputatlaryna maglumat berer.

Howpsyzlyk we terrorçylyga garşy göreş boýunça İçeri işler we Milli goranmak ministrleri giňişleýin maglumat bererler.

Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasyndaky üýtgedip gurmak we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada ýüzlenme bermegine garaşylýar.

Maslahat 8-nji noýabr ýekşenbe güni Prezident Erdoganyň ýapylyş çykyşy bilen tamamlanar.



Degişli Habarlar