Erdogan Maduro bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Türkiýäniň hiç wagt tapawut goýmadan ähli latyn dostlaryna parahatçylyk, asudalyk we abadançylyk içinde ýaşamagyny arzuw edendigini we daşar ýurtlaryň ýurdyň içindäki meselelere goşulmaklaryny dogry görmändigini belledi

Erdogan Maduro bilen metbugat ýygnagyny geçirdi

Erdogan Ankara resmi sapar guran Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro bilen metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Erdogan: "Biz hiç wagt tapawut goýmadan ähli latyn dostlaryna parahatçylyk, asudalyk we abadançylyk içinde ýaşamagyny arzuw etdik we daşar ýurtlaryň ýurdyň içindäki meselelere goşulmaklaryny dogry görmedik" diýdi.

Günorta Amerika ýurtlarynyň içerki işlerine goşulan ýurtlary tankyt eden Erdogan: "Daşary ýurtlaryň goşulmaklaryna dogry garamaýarys. Munyň esasanam hem diplomatiýamyzyň hem-de halkara syýasatymyzyň bir hakykatydygyny orta goýmagyň tarapdarydyryn" diýdi.

Halkyň ygtyýarynyň ýokarysynda bir güýjiň bolmandygyna ynanýandygyny aýdan Erdogan: "Daşary ýurtlaryň gatyşmaklary hemişe diýen ýaly meseläni has hem çuňlaşdyrýandygyny pikir edýäris. Wenesuelada soňky wagtlarda başda geçirilýän meseleleriň asudalyk, dialog we parahatçylykly ýollar bilen çözgüde gowuşjakdygyny ynanýarys" diýdi.



Degişli Habarlar