BMG-niň sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka baran Erdogan Stoltenberg bilen duşuşdy

Metbugata ýapyk häsýetde geçirilen duşuşyk 40 minuda golaý dowam etdi

809514
BMG-niň sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka baran Erdogan Stoltenberg bilen duşuşdy

Prezident R.T.Erdogan bilen NATO-nyň Baş Sekretary Ýens Stoltenbergiň Russiýa bilen gazanylan S-400 raketa goranyş ylalaşygy, Siriýaky we Yrakdaky meseleler barada pikir alyşandygy habar berilýär.

Erdogan soň bolsa Minnesotanyň Wekiler palatasynyň somalili agzasy İlhan Omary kabul etdi.

Ýehudi guramalarynyň wekillerini hem kabul eden Prezident Erdogan, Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Alynan maglumata görä telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we sebitdäki soňky wakalar barada pikir alyşyldy.

Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň geçirmegi meýilleşdirýän referendumy barada pikir alyşylan söhbetdeşlikde, referendymyň sebitdäki dartgynlygy has-da artdyrjakdygyna üns çekilip, Yragyň territorial bitewiliginiň goralmalydygy nygtaldy.

Telefon söhbetdeşliginde PKK-nyň we DAİŞ-iň başda durmagynda terrorçylyga garşy göreş meselesine-de garaldy.

Prezident Erdogan söhbetdeşligiň dowamynda Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abada geçen hepde Dikarda guralan terror hüjüminde pida bolanlar sebäpli duýgudaşlyk bildirdi.



Degişli Habarlar