Çawuşoglu: “Türkiýe Ýewropa bilen dartgynlyk islemeýär”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Ýewropa bilen dartgynlyk islemeýändigini aýtdy

807458
Çawuşoglu: “Türkiýe Ýewropa bilen dartgynlyk islemeýär”

Çawuşogly we resmi sapar bilen Türkiýede bolýan Fransiýanyň Daşary işler ministri Ýean İwe Le Drian Prezidentiň kompleksindäki duşuşykdan soň bilelikde metbugat ýygnagyny gurady.

Çawuşogly Fransiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky içgin dialoga kanagatlanma bildirip, myhman kärdeşi bilen geçiren duşuşygynda ykdysadyýet, energetika we özara maýa goýumlarynyň artdyrylmagy ýaly ugurlarda pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Türkiýäniň ÝB-ne agza ýurtlar we kontinent bilen haýsydyr bir meselesiniň bolmandygyna ünsi çeken Çawuşogly: “Ýewropa üçin erbet bolan biziň üçin hem erbetdir. Ýewropanyň durnuklylygy biziň howpsyzlygymyz, durnuklylygymyz” diýdi.

Ministr Çawuşogly: “ Biz Ýewropa bilen kadaly gatnaşyk etmek isleýäris. Basyşlara we iki standartlylyga boýun hem egmeris. Muny Ýewropa düşündirmage synanşýarys. Siz indi bize bolan çemeleşmäňizi üýtgetmeli bolarsyňyz. Bizi deň derejeli hyzmatdaş hökmünde kabul etmän halatyňyzda standartlarda, başga ugurlarda tapawutlylyk bar hem bolsa gatnaşyklar kadaly bolmaz” diýdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Prezident R.T.Erdogan tarapyndan hem kabul edildi.

 



Degişli Habarlar