Kuweýdiň Premýer ministri Türkiýä geldi

Kuweýdiň Premýer ministri Şeýh Jabir El-Mübarek El0Hamad Es-Sabah resmi sapar bilen Türkiýä geldi

Kuweýdiň Premýer ministri Türkiýä geldi

Premýer ministrligiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä düýn agşam Türkiýä gelen Kuweýdiň Premýer ministriniň sapary 16-njy sentýabra çenli dowam eder.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym bilen kuweýtli kärdeşiniň arasynda geçiriljek gepleşiklerde iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meseleler ele alynar.

Saparyň çäginde Türkiýe bilen Kuweýdiň arasynda ençeme ugurda şertnamalara golçekiler.

Kuweýdiň Premýer ministriniň Türkiýäniň Prezidenti Erdogan tarapyndan hem kabul edilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar