Daşary işler ministrligi Kürt Awtanomiýasyna duýduryş berdi

Türkiýe Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň 25-nji iýulda geçirjek garaşsyzlyk referendumyny geçirmeginiň bir netijesiniň boljakdygyny duýdurdy

Daşary işler ministrligi Kürt Awtanomiýasyna duýduryş berdi

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada: “Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň (YKA) ähli dostlukly maslahatlara garamazdan referendum baradaky çemeleşmesinden egilşik etmezliginiň hökmany suratda bir netijesiniň boljakdygyny ýatdan çykarmaly däldigini nygtaýarys” diýilýär.

Beýannamada şeýle diýilýär: “Yragyň Wekiller palatasynyň referendumyň kanunlara bap gelmeýändigi baradaky kararyna kanagatlanma bildirýäris. YKA-nyň hökümetiniň referendumdan egilşik etmezligi aladalandyryjy. Ýalňş çemeleşmeden el çekilmeli.

YKA-nyň ähli dostlukly maslahatlara garamazdan referendum baradaky çemeleşmesinden egilşik etmezliginiň hökmany suratda bir netijesiniň boljakdygyna üns bermelidigini nygtaýarys.”

 



Degişli Habarlar