Türkiýe THÝ-niň Afynydaky ofisine guralan hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada: “THÝ-niň Afynyda ýerleşýän ofisine şu gün irden guralan we maddy ýitginiň çekilmegine sebäp bolan hüjümi ýazgarys” diýilýär

Gresiýanyň içeri işler edarasynyň hüjümiň jogapkärçiligini Rubikon atly anarhist guramanyň boýun alandygy barada aýdylýan beýannamasynda, guramanyň 2016-njy ýylyň 26-njy iýulynda Türkiýäniň Gresiýadaky ilçihanasyna, 2017-nji ýylyň 5-nji fewralşynda bolsa Gümüljinedäki Başkonsullygyna hüjümler gurandygy ýatladylýar.

Beýannamada: “Gresiýadaky türk wekilhanalaryna guralan bu aksiýalaryň jenaýatçylarynyň gysga wagtda ele salynyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine garaşýarys” diýilýär.

THÝ-niň Afynydaky ofisine girmäge synanşan topar gapyny döwdi, emma içeri girip bilmedi.

Hüjümiň iş sagadyndan ozal guralandygy sebäpli ofisde hiç kimiň bolmandygy, diňe maddy ýitginiň çekilendigi habar berilipdi.

Etiketkalar: hüjüm , THÝ , Gresiýa , Afyny , Türkiýe

Degişli Habarlar