Erdogan: “Döwleti aýakda saklamak üçin näme edilmeli bolsa ediler”

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R.T.Erdogan döwleti aýakda saklamak üçin näme edilmeli bolsa ediljekdigini aýtdy

Erdogan: “Döwleti aýakda saklamak üçin näme edilmeli bolsa ediler”

Prezident Erdogan: “Bu döwleti aýakda saklamak üçin näme etmeli bolsa ederis. Ýaragly uçarmansyz ulaglar bilen hem ederis, tanklar bilen hem ederis” diýdi.

Erdogan “ATO Maslahatlar Merkezinde” geçirilen Häkimleriň maslahatynda sözlän sözünde: “Biz uzak ýyllaryň dowamynda Amerika we Ysraýyl uçarmansyz howa ulaglaryny bermezlik üçin dürli sebäpleri öňe sürdüler. Berenlerinde-de olaryň abatlaýyş işleri bizi uly alada goýdy. İndi ýurdumyz Ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny öndürýär. Olardan biynjalyk bolýarlar. S-400 ylaşalygyna gol çekişenimiz üçin dälirediler. Näme bolmalydy? Size garaşmalymydk? Biz hem howpsyzlyk taýdan ähli çäreleri görýäris we göreris” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň içerdäki we daşardaky operasiýalarynda asuda ilatyň zyýan çekmezligi baradaky syýasatyndan egilşek etmeýän ýurtlardan biridigini aýtdy.


Etiketkalar: maslahat , häkimler , Prezident , Erdogan

Degişli Habarlar