Çawuşogly: “Türkiýe hiç wagt çäresiz däl”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Türkiýä ýarag satylmagy bilen baglanşykly beren beýanatynyň türk milli senagatynyň güýçlenendiginiň görkezijisidigini belledi

Çawuşogly: “Türkiýe hiç wagt çäresiz däl”

Daşary işler ministri Çawuşogly we resmi sapar bilen Ankara gelen Pakistanyň Daşary işler ministri Hoja Muhammed Asyf geçiren gepleşiklerinden soň umumy metbugat ýygangyny geçirdiler.

Çawuşogly Germaniýanyň Daşary işler ministri Sigmar Gabrieliň Türkiýä ýarag satuwynyň duruzylmagynyň gerekdigi bilen bagly beren beýanatyna: “Türkiýe bolmasady nemes syýasatçylar saýlaw kampaniýalarynda gürlemäge söz tapmakda kynçylyk çekerlerdi. Saýlaw Türkiýe bilen bagly ýa-da Türkiýede geçirilýän ýaly. Eýsem Germaniýanyň we Ýewropanyň başga meseleleri hem bar. Nemes halkynyň hem syýasatçylaryndan başga tamalarynyň bardygyna ynanýaryn” diýdi.

Ministr Çawuşogly sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Bular ýaly garaýyşlar esasan hem biziň milli goranyş senagatymyzyň güýçlenmegine sebäp bolýar. Şol sebäpli ähli ugurlarda ýerli we milli önümçiligimizi artdyrýarys. Öz harby uçarymyzy, dik uçarymyzy öndürýäris. Türkiýe hiç wagt çäresiz däl. Bir ýurdyň Daşary işler ministriniň esasy wezipesi ähli mümkinçiliklerini ulanyp beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat” diýdi.

Germaniýanyň Türkiýäniň hyzmatdaşydygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly: “Germaniýanyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ babatynda we aýralykçy terror guramasy PKK babatynda garaýyşlaryny tankyt eden hem bolsa biz hemişe Germaniýa bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek we gatnaşyklarymyzy özgertmek isleýäris diýipdik” diýip belledi.



Degişli Habarlar