Çawuşogly: “Ähli bökdençlikleri ortadan aýyryp Hytaýyň bazarlaryna girýäris”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýeden Hytaýa oba hojalyk önümşeriniň eksport edilmeginiň öňündäki bökdençlikleriň aýrylandygyny aýtdy

Çawuşogly: “Ähli bökdençlikleri ortadan aýyryp Hytaýyň bazarlaryna girýäris”

Çawuşogly Antalýada 8-nji Ýerli harytlaryň sergisiniň (ÝÖREX) açylyşynda, sergä bolan gatnaşygyň we onuň hiliniň ýylsaýyn ýokarlaýandygyny aýtdy.

Çawuşogly serginin halkara derejesinde geçirilmegini isleýändiklerini nygtady.

ÝÖREX-iň halkara derejesinde geçirilmegi üçin ministrligiň degişli başlangyçkary etjekdigini aýdan Çawuşogly: “Oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara eksportynda uly artyş bar. Antalýadaky, Türkiýedäki sanlar mälim. Diýmek bir tarapdan hil, önümçilik artýar, beýleki tarapdan markalaşma tapgyry dowam edýär. Öndürijilerimize çagyryş edesim gelýär. İndi Hytaýa oba hojalyk önümlerimiziň eksportynyň öňündäki bökdençlikler aýrylýar. Şu ýyl çereşniýa möwsüminiň ahyrynda çereşniýa önümleri bilen bagly ähli bökdençlikler aýryldy. İndi käbir miweler we süýt önümleri bilen bagly bökdençlikler aýrylýar. Ähli bökdençlikleri ortadan aýyryp, uly Hytaý bazaryna girýäris. Burdura we Ysparta bu hoş habary ýetirmek isledim” diýdi.



Degişli Habarlar