Binali Ýyldyrym Moldowanyň Parlamendiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym bilen Moldowanyň Parlamendiniň başlygy Adrian Kandunyň arasynda geçen duşuşykda iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar ara alynyp maslahatlaşyldy

Binali Ýyldyrym Moldowanyň Parlamendiniň başlygy bilen duşuşdy

Premýer ministr Ýyldyrymyň we Türkiýä resmi sapar guran Moldowanyň Parlamendiniň başlygy Kandunyň arasynda geçen duşuşykda parlamentara gatnaşyklar bilen birlikde soňky döwürde artan netijeli saparlara bolan hoşallyk bildirildi.

Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň we Gagawuziýa Awtonom Respublikasynyň wajypdygy bellenen duşuşykda ykdysadyýet başda bolmak bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy babatyndaky pikir birligi ýene-de bir gezek tassyklandy.



Degişli Habarlar