Ýyldyrym: “Yragyň kürt awtanomiýasy referendum kararyny bes etmeli”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Yragyň kürt awtanomiýasynyň ferendum geçirmek baradaky kararyny bes etmelidigini aýtdy

796477
Ýyldyrym: “Yragyň kürt awtanomiýasy referendum kararyny bes etmeli”

Singapura we Wiýetnama saparyny tamamlan Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýä dolanyp geldi.

Ýyldyrym: “Yragyň kürt awtanomiýasynyň karary bes edilmeli, bu ýalňyşlykdan el çekilmeli” diýdi.

Germaniýa Fetullahçy terror guramasynyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň gaçgyny Adil Öksüz barada berilen nota barada-da durup geçen Ýyldyrym; “Degişli gulluklaryň maglumatlary bar. Germaniýa “maglumatlary seljeriň, bardygyny anyklan halatyňyzda yzyna beriň diýýäris” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Siriýanyň Afrin we İdlib etraplaryna guralmagy operasiýalar barada özygtyýarlylyk hukugymyza abanjak howplara essesi bilen gaýtabul beriljekdigini aýtdy.

Binali Ýyldyrym ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-ä berilýän ýarag kömegi barada aýdylýanlar bilen çäklenmeýändiklerini nygtap, degişli çäreleriň görülendigini belledi.

Premýer ministr ykdysadyýet barada-da durup geçdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Halkara Pul Gaznasynyň habarnamasyna görä Türkiýäniň Ýewropanyň ykdysady taýdan ösen 5-nji ýurdydygyny we İspaniýadan öňe geçendigini mälim etdi.

Ýyldyrym geljekki aýlarda gün tertibiniň ykdysadyýet bilen bagly boljakdygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar