“Türkiýe Russiýa garşy sanksiýalary tassyklamady”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Russiýa garşy sanksiýalary tassyklamandygyny belledi

“Türkiýe Russiýa garşy sanksiýalary tassyklamady”

Çawuşogly bu sanksiýalaryň Ankaranyň ykdysadyýetine zeper ýetirjekdigini nygtady.

Mewlüt Çawuşogly: “Türkiýe geçmişde sanksiýalardan köp kynçylyk çekdi. Goňşularymyza we partnýorlarymyza garşy sanksiýalar biziň ykdysadyýetimize köp zyýan ýetirdi. Şol sebäpli sanksiýalary eşiden badymyza ony tassyklamaýarys. Şol sebäpli Russiýa garşy sanksiýalara goşulmadyk we syýasy hyzmatdaşlygy saýladyk” diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary şu aýyň başynda Russiýanyň demir ýollaryny, gämileri, demir we magdan ýaly pudaklara garşy sanksiýalar girizipdi.



Degişli Habarlar