Prezident Erdogan ABŞ-Demirgazyk Koreýa dartgynlygynyň üstünde durup geçdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dartgynylygyň söweşe öwrülmezligini umyt edýändiklerini belledi

Prezident Erdogan ABŞ-Demirgazyk Koreýa dartgynlygynyň üstünde durup geçdi

Stambulda jumga namazyndan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Prezident Erdogan: "Häzirki wagtda dünýäde takmynan 16 ýurt ýadro ýaragyna eýe ýagdaýda. Şolaryň arasyndaky 3 ýurt ýadro ýaraglanmada örän uly bir güýje eýe.  ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky haýbatlaryň söweşe öwrülmezligini umyt edýäris. Sebäbi bu ýagdaý diňe bularyň ikisiniň arasynda galman biler. Has tapawutly etaby hem başladyp biler. Bu ýerde syýasy netijä öwrüler diýip umyt edýärin" diýdi.

Erdogan Siriýa serhedindäki Jilwegözü gümrük gapysyndaky geçişlere çäklendirme girizlimegi bilen baglanşykly bolsa: "Biz ynsanperwer kömege bardyrys. Ol mesele boýunça Jilwegözü gümrük geçelgesini açyk goýarys. Emma ol geçiriljek zatlar azykdan, dermandan, egin-eşikden ybarat bolar. Emma ýarag ýaly zatlaryň geçirilmegine biziň rugsat bermegimiz mümkin däl. Idlibde bolsa gepleşiklerimiz dowam edýär. Esasan hem Milli Howsyzlyk gullugy bu babatda Russiýa bilen gepleşikler geçirýär" diýip nygtady.

 



Degişli Habarlar