Bingölde PKK-ly terrorçylar bilen çaknyşyk ýüze çykdy

Çaknyşykda 1 esger şehit boldy

Bingölde PKK-ly terrorçylar bilen çaknyşyk ýüze çykdy

Bingöl welaýatynyň Genç etrabynda geçirilýän operasiýada gözegçilik we saplaýyş işlerini geçirýän howpsyzlyk güýçleri bilen aýralykçy terror guramasy PKK-ly terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 1 esger şehit boldy, 1 esger bolsa ýaralandy.

Ýaralanan esger hassahanada bejergi astyna alyndy.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan terror guramasy PKK-a garşy ýurdyň Şyrnak, Hakkari we Mardin welaýatlarynda dowam etdirilýän operasiýalarda soňky 1 hepdede jemi 32 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýada terrorçylaryň ulanan gaçypatalgalary, gowaklary we ammarlary ýer bilen ýegsan edildi, guramanyň maliýe çeşmelerinden biri bolan neşe söwdasyna garşy operasiýalarda bolda 200 düýp kenep, 346 kg neşe maddasy, 6 726 102 paket çilim we 90 müň litr ýangyç ele salyndy.


Etiketkalar: PKK , şehit , esger , Genç , Bingöl

Degişli Habarlar