“Ýadaw bolanlar çekilsin, ýerine başga biri gelsin”

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan ministrler we halk deputatlary bilen duşuşdy

778754
“Ýadaw bolanlar çekilsin, ýerine başga biri gelsin”

Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi jaýynda bolan duşuşyk 50 minut dowam etdi.

Prezident Erdogan metbugata ýapyk häsiýetde geçirlen duşuşykda halk deputatlaryna ýüzlenip eden çykyşynda halk deputatlaryna “Ýadaw bolanlar çekilsin, ýerine başga biri gelsin” diýdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň dynç alyşa çykjakdygyny we öz işine arakesme berjekdigini aýdan Prezident Erdogan iň gowy dynç alyşygyň halk bilen birlikde bolmakdygyny belledi.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-nji ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soň yglan edilen adatdan daşary ýagdaý dolanşygyna görkezilýän garşylyklar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň daşary ýurtly maýa goýumlara bahana bolup bilkejekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar