"Dini ýerleriň mukaddesligine we taryhy statusyna sarpa goýulmaly"

Prezident Erdogan Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

774871
"Dini ýerleriň mukaddesligine we taryhy statusyna sarpa goýulmaly"

Prezident Erdogan Ysraýylyň Prezidenti Reuwen Riwlin bilen musulmanlaryň İýerusalymdaky Aksa metjidine girmeginiň gadagan edilmegi sebäpli emele gelen dartgynlyk hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde 14-nji iýulda Harem-i Şerif meýdanynda başdan geçirlen we ynsanlaryň ýogalmagyna sebäp bolan wakalara alada bildirýändigini aýtdy.

Şol wakalaryň we ynsanlaryň ýogalmagynyň kabul edilip bilinmejekdigine ünsi çeken Prezident Erdogan dini ýerleriň mukaddesligine we taryhy statusyna sarpa goýulmalydygyny, din we ybadat erkinliginiň çäginde musulmanlaryň Aksa metjidine islän mahaly girmelidigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan Harem-i Şerif meýdanynyň ähli musulmanlar üçin ähmiýetligine ündi çekdi we ysraýylly esgerleriň  mejide gelýän musulmanlary barlagden geçirmegini gyssagly bes etmelidigini we dartgynlygyň ortadan aýrylmalydygyny aýtdy.

Ysraýylyň Prezidenti Riwlin bolsa çäreleriň howpsyzlyk maksatlydygyny belledi we Harem-i Şerifiň statusynyň goraljakdygy we dini azatlyklaryň çäklendirilmejekdigi barada söz berdi.



Degişli Habarlar