Yragyň demirgazygyna harby howa operasiýasy guraldy

Türk harby howa güýçleriniň Yragyň demirgazygyndakyy Zap etrabyna guran operasiýasynda 3 terrorçy ýok edildi

Yragyň demirgazygyna harby howa operasiýasy guraldy

Baş ştabdan berilen maglumatda Zat etrabynyň serhetýakasyndaky serhet galalaryna we bazalara hüjüm guramaga taýarlyk görýandigi anyklanan ekstremist terror guramasynyň agzalarynyň anyklanandygy nygtalýar.

Maglumatda Harby howa güýçlerine degişli harby uçarlar tarapyndan sebite guralan operasiýada 3 terrorçynyň ýok edilendigi, bir sany gowagyň we iki sany awtomatiki ýarag pozisiýasynyň hatardan çykarylandygy mälim edilýär.

 



Degişli Habarlar