Şu gün Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty geçiriler

Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty şu gün Prezident R.T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçiriler

Şu gün Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty geçiriler

Prezident köşgünde geçiriljek maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan meselesi Adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň uzaldylmagy bolar.

Prezident Erdogan 19-njy iýulda möhledi doljak Adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň 4-nji gezek uzaldyljakdygyny mälim edipdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem Milli howpsyzlyk geňeşine Adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň uzaldylmagy barada teklip bildirjekdiklerini habar beripdi.

Geňeşiň gün tertibiniň ileri tutulýan beýleki bir meselesi bolsa terrora garşy göreş bolar.

Ýurdyň Günorta-gündogar sebitlerinde dowam edýän operasiýalar, Yrakdaky we Siriýadaky soňky wakalar ara alynyp maslahatlaşylar.



Degişli Habarlar