Raýatlar ýurduň çar tarapynda “demokratiýa nobatyna” durmaga dowam etdi

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň 1-nji ýylynda “15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününe” bagyşlanan çäreleriň çäginde raýatlar 81 welaýatda “demokratiýa nobatyna” durdy

Raýatlar ýurduň çar tarapynda “demokratiýa nobatyna” durmaga dowam etdi

Çärelere köp sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününe” bagyşlanan çäreleriň çäginde Prezident R.T.Erdoganyň çagyryşyna laýyklykda şenbe güni başlan demokratiýa nobaty düýn hem dowam etdi.

Ellerinde türk baýdaklary bilen Ankarada Prezidentiň kompleksiniň öňünde jemlenşen raýatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap häkimlikleri we ministrler tarapyndan açylan 15-nji iýula bagyşlanan pawionlara baryp gördüler.

Döredilen “15-nji iýul hatyrasy” atly meýdanlarda fotosurat aldyran raýartlar şowhunly marşlar we aýdym-sazlar bilen demokratiýa nobatyna durmaga dowam etdi.

Gyzylaý meýdanyndaky “Güwenpark” seýilgähinde jemlenşen raýatlar FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda we ondan soň “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçylarynyň alan fotosuratlarynyň sergisine baryp gördüler.

Prezidentiň kompleksiniň öňünde 15-nji iýul nobatyna duran raýatlar ertiriň irki sagatlarynda Preizdent Erdogan tarapyndan açylan 15-nji iýul Şehitler ýadygärligine baryp gördüler.

Ýadygärligiň öňünde şehitler üçin doga okan raýatlar ellerinde türk baýdaklary bilen fotosurat aldyrdylar.

Stambulda-da raýatlar demokratiýa nobatyna durmak üçin Prezident R.T.Erdoganyň Kysykly etrabyndaky öýüniň öňünde jemlenşip, jebislik we agzybirlik ýüzlenmesini berdi.

Raýatlar 15-nji iýul Şehitler köprüsiniň Aziýa tarapynda Prezident R.T.Erdogan tarapyndan açylan Şehitler alleýasyna uly gyzyklanma görkezdiler.

Raýatlar Taksim meýdanynda demokratiýa nobatyna durmaga dowam etdi.

 



Degişli Habarlar