Wise-premýer Kurtulmuş agdarlyşyk synanyşygynyň üstünde durup geçdi

Wise-premýer Numan Kurtulmuş agdarlyşyk synanyşygynyň birinji ýylynyň üstünde durup geçdi

Wise-premýer Kurtulmuş agdarlyşyk synanyşygynyň üstünde durup geçdi

Numan Kurtulmuş TBMM-de TRT-niň myhmany boldy.

Kurtulmuş jemgyýetçilik guramalary ýaly bigünä görünmäge synanyşýan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda maskasynyň ýüzünden gaçandygyny habar berdi.

Döwlet guramalarynyň içinde FETÖ-niň agzalarynyň entegem bar bolup biljekdigini aýdan Numan Kurtulmuş: "Ençeme ýyl dowam etjek göreşde döwlet guramalarynyň düzümine giren agzalar saplanar, işden çykarylar, ýalňyşlar bar bolsa düzeldiler. Sabyrlylyk bilen göreşimizi dowam etdireris. Hukukyň üstünliginden dänmeýşimiz ýaly, ýuka ýürekli hem bolmarys" diýdi.



Degişli Habarlar