Premýer ministr Ýyldyrym Kataryň Ykdysadyýet we söwda ministrini kabul etdi

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym resmi sapar bilen Ankara gelen Kataryň Ykdysadyýet we söwda ministri Şeýh Ahmet Bin Kasym Bin Muhammed Es Sanini Çankaýa köşgünde kabul etdi

Premýer ministr Ýyldyrym Kataryň Ykdysadyýet we söwda ministrini kabul etdi

Iki ýurdyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy meselesini ara alynyp maslahatlaşyldy.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň bu kyn wagtda Kataryň ýanyndadygyny nygtap, başda ykdysadyýet bolmak bilen ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem artdyrmak baradaky tutanýerlilige ünsi çekdi.

Myhman ministr Es Sani bolsa Türkiýä ýurdyna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurda has hem özgertmek baradaky ygtyýary tassyklady.



Degişli Habarlar