PKK tarapyndan harby ulaga guralan ýaragly hüjümde 3 esger şehit boldy

Terrorçylar harby baza nahar alyp barýan ulaga uzyn nilli ýaraglar bilen hüjüm gurady

760335
PKK tarapyndan harby ulaga guralan ýaragly hüjümde 3 esger şehit boldy

 

Şyrnak welaýatynyň Uludere etrabynda aýralykçy terror guramasy PKK tarapyndan harby ulaga guralan ýaragly hüjümde 3 esger şehit boldy.

Elmaly harby bazasyna nahar alyp barýan harby ulaga terrorçylar tarapyndan uzyn nilli ýaraglar bilen hüjüm guraldy.

Hüjümde agyr ýaralanan 3 esger bejergi alýan keselhanalarynda şehit boldy.

Terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy.

 



Degişli Habarlar