Bir hepde-de PKK-a agza 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Operasiýalarda köp sanly ýarag bilen partlaýjy madda ele geçirildi

Bir hepde-de  PKK-a agza 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Bir hepde-de aýrlykçy terror guramasy PKK-a agza 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrora garşy Şyrnak, Hakkari, Diýarbakyr, Bingöl, Elazyg, Mardin we Siirt welaýatlarynda operasiýa guraldy.

Operasiýalarda köp sanly ýarag bilen partlaýjy madda ele geçirildi.

Terrorçylar tarapyndan ulanylýan 52 gaçybatalga, gowak we ammar hatardan çykaryldy.

Terror guramasy PKK-a maddy taýdan goldaw berýänlere garşy guralan operasiýada hem köp sanly temmäki bilen neşe maddalary ele geçirildi.

Bikanun ýollardan Türkiýä girmäge synanşan 5 müň 617 adam tussag edildi.

Siriýanyň demirgazygynda guralan operasiýanyň çäginde hem Azez bilen Jarablusyň arasynda ýerleşýän 2 müň 15 kilometrlik meýdanda gözegçilik üpjün edildi.

 



Degişli Habarlar