Prezident Erdogan Donald Tusk we Žan-Klod Ýunker bilen duşuşar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan 25-nji maýda Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Donald Tusk we Ýewropa Bileleişigi Komissiýasynyň başlygy Žan-Klod Ýunker bilen duşuşar

Prezident Erdogan Donald Tusk we Žan-Klod Ýunker bilen duşuşar

ÝB Komissiýasynyň baş metbugat sekretary Margaritis Şinas gündelik metbugat ýygnagynda Erdogan, Tusk we Ýunkeriň arasyndaky duşuşygyň 25-nji maýda Belgiýanyň paýtagty Bruýusselde geçjekdigini habar berdi.

Şinas duşuşygyň nirde boljakdygy barada maglumat bermedi.

Prezident Erdogan 25-nji maýda NATO-nyň täze ştabynyň açylyşy sebäpli geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşar.

Erdogan saparynyň çäginde käbir liderler bilen ikiçäk duşuşyk geçirer.

ÝB guramalarynyň liderleriniň Erdogan bilen uşuşmak isleýändigini ilkinji gezek Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel 29-njy aprelde ÝB Liderler maslahatynda mälim edipdi.



Degişli Habarlar