Nikki Haleý ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýe bilen Iýordaniýa gurar

Haleý Türkiýedäki we İýordaniýadaky bosgun düşelgelerine we bosgunlaryň bilim alýan mekdeplerine baryp görer

Nikki Haleý ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýe bilen Iýordaniýa gurar

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Nikki Haleý ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýe bilen Iýordaniýa gurar.

Haleý maý aýynyň 19-25-i aralygynda Türkiýede we Iýordaniýada saparda bolar.

ABŞ-nyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili iki ýurduň ýolbaşçylary bilen Siriýadaky uruş sebäpli ýerini-ýurduny terk eden bosgunlar we olara ýer eýeçiligini edýän ýurtlara ABŞ-nyň berjek kömegi hakynda pikir alyşar.

Haleý Türkiýedäki we İýordaniýadaky bosgun düşelgelerine we bosgunlaryň bilim alýan mekdeplerine baryp görer.

Türkiýe 3 milliona golaý, Iýordaniýa bolsa 659 müň siriýaly bosguna ýer eýeçiligini edýär.

 


Etiketkalar: siriýaly bosgunlar , ABŞ , BMG

Degişli Habarlar