Agry welaýatynda PKK-a garşy operasiýa geçirilýär

Beýanatda Ersin Seweniň terrorçylykly hadysalaryň ençemesine gatnaşandygy habar berildi

Agry welaýatynda PKK-a garşy operasiýa geçirilýär

Türkiýäniň Agry welaýatynyň Dogubaýazyt etrabynyň Tendürek Dagy diýilen ýerinde aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýada aralarynda Tendürek Dagy Demirgazyk Diýadin sebitiniň jogapkäri hem bolan 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Agrynyň welaýat häkimligi tarapyndan berilen beýanatda: “Operasiýada täsirsiz ýagdaýa geirilen 9 terrorçynyň 1-i Tendürek Dagy Demirgazyk Diýadin sebitiniň jogapkäri, Wan welaýatynyň Özalp etrabynda bellige alynan Argeş ady bilen tanalýan Ersin Sewendigi mälim boldy” diýilýär.

Beýanatda Ersin Seweniň terrorçylykly hadysalaryň ençemesine gatnaşandygy habar berildi.

Beýanatda Welaýat Žandarma serkerdeliginiň raýatlaryň howpsyzlyklarynyň üpjün edilmegi, bar bolan asudalygyň we howpsyzlygyň dowam etdirilmegi maksady bilen sebitiň halkynyň goldawy bilen aýralykçy terror guramasyna garşy operasiýany arakesmesiz  dowam etdirýändigi mälim edildi.



Degişli Habarlar