Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýa bilen soňky wagtda başdan geçirilýän dartgynlyk barada hem durup geçdi

Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Amerikan hökümetinden aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy bolan ÝPG-e beren ýaraglarynyň Türkiýä garşy ulanylmajakdygy barada söz alandyklaryny mälim etdi.

Çawuşogly hususy telewideniýeleriň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Prezident Erdoganyň 16-njy maýdaky ABŞ-na guran saparynyň üstünde durup geçen Çawuşogly Erdoganyň söhbetdeşlerine ähli ýüzlenmeleri anyk ýagdaýda berendigini habar berdi.

Terror guramasy DAIŞ-e garşy hyzmatdaşlyk üçin Türkiýäniň hem talaplarynyň bardygyny aýdan ministr Çawuşogly: “Düzüminde ÝPG-e agza terrorçylar bolan bir ýerde biz bolmarys” diýdi.

Prezident Erdoganyň “Türkiýä garşy howp abanan halatynda ÝPG-e garşylyk bereris” sözlerini ýatladan Mewlüt Çawuşogly munyň oňyn kabul edilendigini, bu gurama berilen ýaraglaryň Türkiýä garşy ulanylmajakdygy barada söz alandyklaryny mälim etdi.

Çawuşogly ABŞ-nyň DAIŞ-e garşy göreş boýunça ýörite wekili Brett MakGerkiň terror guramasy PKK/PÝD-e goldaw berýändigini we bu adamyň üýtgedilmelidigini belledi.

Erdoganyň Waşington saparynda Siriýanyň Rakka şäherine garşy operasiýanyň üstünde durulyp geçilendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly bu sebitiň häkimiýetiniň araplara beriljekdigi barada kepillik alandyklaryny nygtady.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyny guran Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ABŞ-da ýaşaýan lideriniň yzyna gaýtarylyp berilmegi baradaky talabyň hem Amerikan hökmüetine ýaňadandan ýetirilendigini aýdan Çawuşogly: “Esasy tamamyz yzyna gaýtarylyp berilmegi. Bu etapda çäreleriň görülip bilinjekdigini we ABŞ-da derňew işiniň başladylyp bilinjekdigini ýatlatdyk. Yzyna gaýtarylyp berilýänçä çenli wagtlaýyn tussag edilmegi ýaly dürli çäreleriň görülmegini isledik. Tramp bu talaplary gözden geçirýändiklerini belledi” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýa bilen soňky wagtda başdan geçirilýän dartgynlyk barada durup geçdi.

Nemes kärdeşi Sigmer Gabrieliň: “Türkiýe şantaž edýär” sözlerine nägilelik bildiren Çawuşogly: “Germaniýa biz Türkiýä islän zadymyzy etdireris düşünjesinden ýüz öwürmeli. Siziň iki ýüzli syýasatyňyza boýun egmeris. Türkiýä başlyk ýaly dälde, dost ýaly garaň” diýdi.

Germaniýanyň hökümetiniň Adanadaky Injirlik howa bazasynda bar bolan nemes esgerleri yzyna çagyryp biljekdigi bilen bagly gürrüňleriň bardygy aýdylan Çawuşogly: “Özleri biler. Gelmek islediler, kömek berdik. Aýrylmak isleýän hem bolsalar sag boluň diýeris” diýip jogap berdi.


Etiketkalar: kärdeş , nemes , PÝD , PKK , Germaniýa , FETÖ , sapar , Erdogan , ABŞ

Degişli Habarlar