Çawuşogly Espen Bart Eide we Özdil Nami bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Kipr gepleşiklerinde ýetilen soňky sepgit ara alnyp maslahatlaşyldy

Çawuşogly Espen Bart Eide we Özdil Nami bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite wekili Espen Bart Eide we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Özdil Nami bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Telefon söhbetdeşliginde Kipr gepleşiklerinde ýetilen soňky sepgit ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Çawuşogly hususy telewideniýe kanalynda Kipr gepleşiklerde ýetilen soňky sepgit hakynda maglumat berdi.

DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis düýn Kipr gepleşikleriniň çäginde ara zolakda duşuşdy.

5 sagat dowam eden gepleşiklerde hiç hili öňe gidişlik edilmedi.

 



Degişli Habarlar