“ABŞ-na gurajak saparym iki taraply gatnaşyklarda öwrülşik nokady bolar"

Prezident R. T. Erdogan aýralykçy terror guramasy PKK/PÝD-ä goldaw bermegiň ABŞ-na gelişmeýändigini aýtdy

731046
“ABŞ-na gurajak saparym iki taraply gatnaşyklarda öwrülşik nokady bolar"

Erdogan Hytaý Halk Respublikasyna gitmezinden ozal Ankaranyň Esenboga adyndaky howa menzilinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

Hytaý Halk Respublikasyndan soň maý aýynyň 15-17-i aralygynda ABŞ-na gitjekdigini aýdan Erdogan “ABŞ geçiş döwrüni başdan geçirýär. Şol geçiş döwründe biz has ünsli bolmalydyrys. ABŞ-dan ÝPG-ä berilýän agyr ýaraglar ýönekeý ýaraglar däldir. Şol ýaraglar hakynda doly maglumatymyz bar we muny ABŞ hem kabul edýär. ABŞ-nyň ÝPG-ä ýarag kömegini bermegi Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky strategik gatnaşyklara bap gelmeýär we bu meseläni ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.

Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy ýokary göreşini dowam etdirýändigini aýdan Prezident Erdogan, DAIŞ-e garşy göreşýändigini aýdan beýleki ýurtlaryň sözleriniň bolsa diňe boş gürrüňlerdigini belledi.

Erdogan Türkiýäniň ýurduň içinde we daşynda DAIŞ-e, PKK-a, PÝD/ÝPG-ä garşy tutanýerli göreşini dowam etdirýändigini nygtady.

Siriýanyň demirgazygynda terrorçylar bilen düşen foto suratlary ýüze çykan ABŞ-na we Russiýa hem garşylyk görkezen Erdogan; “Bu sebitde ABŞ-na we Russiýa abanýan howp ýok. Emma Türkiýe howp astynda. Türkiýe bilen ABŞ NATO agza ýurt. NATO-nyň çäginde hyzmatdaşlyk edilen halatynda şeýle güýçli ýurt güýçli hyzmadaşy bilen sebitde biziň bilen has netijeli işleri durmuşa geçirip biler. Terror guramasyna goldaw bermek ABŞ-na gelişmeýär. Bu ýerlikli däl” diýdi.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi etaby hakynda hem durup geçen Erdogan; “Jenap Tramp bilen meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaşaryn. Täze subutnamalar bar şolary gowşurarys. Bu meselede Trampyň tutumy diýseň möhüm” diýdi.

Prezident Erdogan “ABŞ-na gurajak saparymyň iki taraply gatnaşyklarda öwrülşik nokady bolmagyny isleýärin” diýdi.



Degişli Habarlar