5 günde 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Terrorçylaryň düşelgesi hökmünde bilinýän Bestler-Dereler etrapçasyna gury ýerden we howadan guralýan operasiýalar dowam edýär

718902
5 günde 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýalarda soňky 5 günde 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçylaryň düşelgesi hökmünde bilinýän Bestler-Dereler etrapçasyna gury ýerden we howadan guralýan operasiýalar dowam edýär.

Etrapçada terrorçylara degişli köp sanly ýarag we gündelik ulanylýan serişdeler tapyldy.

Diýarbakyryň Kulp etrabynda dowam edýän operasiýalarda bolsa 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Hakkari, Bitlis, Elazyg we Mardin welaýatlarynda guralan operasiýalarda terrorçylara degişli gaçybatalgalar nyşana alyndy.

Türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Gara etrapçalaryna hem howa hüjümini gurady.

Howa hüjüminde terrorçylar tarapyndan ulanylýan 2 gowak, 2 gaçybatalga we 4 ýarag ammary hatardan çykaryldy.

 



Degişli Habarlar