Kurtulmuş: “Adatdan daşary ýagdaýyň möhledi uzaldyldy”

Wise-premýer we hökümediň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş Ministrler kabinetiniň mejlisiniň Adatdan daşary ýagdaýyň uzaldylmagy babatynda karar kabul edendigini habar berdi

715028
Kurtulmuş: “Adatdan daşary ýagdaýyň möhledi uzaldyldy”

Numan Kurtulmuş Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda  Prezident kompleksinde Ministrler kabinetiniň mejlisi dowam edýärkä kabul edilen kararlar barada metbugat işgärlerine beýanat berdi.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde çarşenbe güni sagat 01:00-dan başlap Adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň 3 aý uzaldylmagy barada karar kabul edilendigini bellän Kurtulmuş meseläniň Türkiýäniň Beýik Millet mejsliniň garamagyna hödürlenjekdigini habar berdi.

“Konstitutsiýanyň käbir maddalaryna özgertme girizmek üçin geçirilen referendumda türk demokratiýasy üstün çykdy” diýen Kurtulmuş ýokary gatnaşyga ünsleri çekip: “Saýlawlara 85 göterimden gowrak bolan gatnaşyk raýatlarymyzyň demokratiýa eýe çykmagyndaky duýgurlygyny orta goýdy” diýdi.

Kurtulmuş Ýokary saýlaw geňeşiniň referendumyň resmi netijelerini yglan etjekdigini, netijeleriň resmi gazetde çap edilmegi bilen 18 maddanyň güýje girjekdigini habar berdi.

Numan Kurtulmuş referendumyň netijeleriniň resmi gazetde çap edilmeginden soň Prezident R.T. Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasyna agza bolmagynyň öňünde hiç hili päsgelçiligiň galmajakdygyny belledi.



Degişli Habarlar