Kandil dagyna howa, Lije etrabyna bolsa gury ýer hüjümi guraldy

Terrora garşy göreşiň çäginde Kandil dagyna howa, Lije etrabyna bolsa gury ýer hüjümi guraldy

707700
Kandil dagyna howa, Lije etrabyna bolsa gury ýer hüjümi guraldy

Baş ştab tarapyndan berlen beýanata görä, Howa güýçleri serkerdeligine degişli harby uçarlar tarapyndan düýn 16.10-16.30 aralygynda gelip gowşan maglumata laýyklykda Kandil dagyna howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde aýralykçy terror guramasyna degişlidigi anyklanylan 3 ýer bilen 2 gaçybatalga nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Lije etrabynda guralan gury ýer hüjüminde bolsa terror guramasyna degişli köp sanly ýarag we ok-däri ele geçirildi.

 



Degişli Habarlar