Erdogan: “ÝB iki ýüzli çemeleşýär”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäni 54 ýyldan bäri bosgada garaşdyrýan ÝB-nin iki ýüzli çemeleşýändigii aýtdy

698770
Erdogan: “ÝB iki ýüzli çemeleşýär”

Erdogan Denizli welaýatynda geçirilen köpçülikleýin açylyş dabarasynda raýatlaryň öňünde çykyş etdi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň Türkiýäni agzalyga kabul etmezlik üçin öňe sürýän sebäpleriniň hakykata bap gelýändigini nygtan Erdogan: “ÝB Türkiýä görübilmezçilik edýär” diýdi.

Erdogan: “Türkiýeden başga ýekeje ýurdam bosagada garaşdyrylmady. Näme üçin? ÝB-niň düzüminde musulman ýurt ýok. Türkiýä görübilmezçilik edýärler. Bize sebäp görkezýärler. Näme bilýäňizmi? Siziň ilatyňyz köp. Siz uly ýurt. Başga köp ilatly ýurtlaram bar” diýdi.

Germaniýanyň ilatynyň hem Türkiýäňkä barabardygyny nygtan Erdogan, bu bahanyň ynandyryjy bolmandygyny aýtdy.

Ýewropanyň ýalanlary ýüzlerine urlanda biynjanlyk bolandygyny aýdan Erdogan: “Biz hakykatlary aýdanymyzda biynjalyk bolýarlar. Özlerini gorkuzýandygymyzy aýdýarlar. Onuň niresi gorkuzma? Biziň edýänimiz Ýewropa ýurtlaryny azatlyklar, adam hukuklary baradaky ýalňyşlyklary sebäpli ýüze çykjak netijeler boýunça duýdurmakdan ybarat” diýdi.

Erdogan 16-nji apreldäki referendum etabynda Ýewropanyň Türkiýä garşy gadagan ediji çemeleşmesini tankyt etdi.

“Daily Sabah” gazetinin ÝP-de gadagan edilmegine reaksiýa bildiren Erdogan: “Hany sizde metbugat azatlygy bardy. Näme üçin gadagan etdiňiz? Onuň hasabyny bermeli bolarsyňyz?” diýdi.



Degişli Habarlar