Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Malta bardy

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Maltanyň Premýer ministri Žozef Moskatyň myhmany hökmünde resmi sapar bilen Malta gitdi

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym Malta bardy

Premýer ministr Ýyldyrym howa menzilinde Maltanyň Aragatnaşyk we infstruktura ministri Žoe Mizzi bilen Türkiýäniň Maltadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Reha Keskintepe tarapyndan garşylandy.

Premýer ministr Ýyldyryma Malta guraýan saparynyň çäginde aýaly Semiha Ýyldyrym, Maşgala we Sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýan Kaýa, ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik, Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç, Milli bilim ministri İsmet Ýylmaz we Saglygy goraýyş ministri Rejep Akdag ýoldaşlyk edýär.

Premýer ministr Ýyldyrym Maltanyň Premýer ministri Muskat bilen boljak duşuşygyndan soň Prezidenti Marie Louis Koleiro Preka tarapyndan kabul ediler.

Saparyň çäginde iki ýurduň işewür adamlarynyň gatnaşmagynda Işewürler maslahaty geçirler.

Geçiriljek özara we toparara gepleşiklerde Maltanyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygy döwründe Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 

 

 



Degişli Habarlar