Fikri Yşyk: “Al Bab dolulygyna gabaw astyna alyndy”

NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele baran Türkiýäniň Goranmak ministri Fikri Yşyk ol ýerde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

Fikri Yşyk: “Al Bab dolulygyna gabaw astyna alyndy”

Fikri Yşyk Al Babyň merkeziniň saplanmagy üçin operasiýanyň dowam edýändigini we onuň Azat Siriýa goşuny bilen bilelikde alynyp barylýandygyny mälim etdi.

Al Babyň dolulygyna saplananyndan soň, ýaşaýyş şertleriniň kadalanmagyna garaşýandyklaryny bellän Yşyk Al Babdan soň Manbijdäki aýralykçy terror guramasy PÝD/PKK-a agza terrorçylaryň dolulygyna yzyna çekilmegine garaşýandyklaryny nygtady.

Ministr Fikri Yşyk: “Bu babatda ABŞ bilen iş salyşýarys. Isleýän netijämize häzirki wagta çenli ýetip bilmedik. Al Bab operasiýasyndan soň iki strategiýamyz bar. Biri Manbij, beýlekisi bolsa Rakka. Manbijde PKK-nyň barlygyny kabul etmeris. Bu maksadymyzy durmuşa geçirmekde tutanýerlidiris” diýdi.

ABŞ-nyň Rakka operasiýasyna ähmiýet berýändigini bellän Yşyk Türkiýäniň esasy maksady bu operasiýanyň ýalňyş aktýorlar bilen geçirilmezligidigini nygtady.

Bir terror guramasyna garşy başga bir terror guramanyň ulanylmagynyň betbagtçylykdygyna ünsi çeken Türkiýäniň Goranmak minsitri Fikri Yşyk: “Operasiýanyň üstünlikli geçmegini isleýäris. Rakka operasiýasy aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan ÝPG bilen dälde, arap söweşijiler bilen geçirilmeli. Men ABŞ-nyň bu babatda anyk karara gelmändigini görýärin. ABŞ bu işi anyk PÝD bilen geçirmeris diýen pikirde däl” diýdi.

Fikri Yşyk ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Ýozef Dunfordyň ertir Ankara geljekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar