Fikri Yşyk ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis bilen hem ilkinji duşuşygyny geçirdi

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis Ýefrat galkany operasiýasynda ABŞ-nyň we hyzmatdaş güýçleriniň Türkiýä goldaw berýändigini belledi

Fikri Yşyk ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis bilen hem ilkinji duşuşygyny geçirdi

NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilýän maslahatyna gatnaşýan Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk iki çäk duşuşyklar geçirdi.

Fransiýanyň Goranmak ministri Jean-Ywers Le Drian, Britaniýanyň Goranmak ministri Mişel Falon, İspaniýanyň Goranmak ministri Pedro Morenes we İtaliýanyň Goranmak ministri Roberta Pinotti bilen duşuşan Fikri Yşyk, ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis bilen hem ilkinji duşuşygyny geçirdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mettis Ýefrat galkany operasiýasynda ABŞ-nyň we hyzmatdaş güýçleriniň Türkiýä goldaw berýändigini belledi.

Ministr Yşyk Siriýada terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD/ÝPG-nyň ulanylmagynyň Türkiýäni binjalyk edýändigini ýene-de bir gezek beýanat etdi.

 


Etiketkalar: ÝPG , PÝD , Fikri Yşyk , ABŞ , NATO

Degişli Habarlar