Çawuşogly Halap bilen baglanyşkly metbugat ýygnagyny geçirdi

Çawuşogly Halaply oppozisionerleriň Idlibe geçmekleri babatynda ylalaşygyň bardygyny habar berdi

632082
Çawuşogly Halap bilen baglanyşkly metbugat ýygnagyny geçirdi

 

Türkiýäniň DIM Mewlüt Çawuşogly Siriýada syýasy geçiş etabyna gyssagly zerurlygyň bardygyny belläp: “Siriýanyň hökümeti bilen gepleşikler geçirmeris. Emma oppozisionerleriň gepleşikler geçirmegi peýdaly bolar” diýdi.

Çawuşogly Halap şäherindäki göçürilme işleri bilen bagly metbugat ýygnagyny geçirdi.

Düýn irdenden bäri 7500 adamyň şäherden göçürilendigini habar beren Çawuşogly ilki bilen zenanlaryň, çagalaryň we ýaralanan adamlaryň Türkiýä kabul edilendigini mälim etdi.

Halapda od açmazlyk baradaky ylalaşygyň düzgünleriniň bozulmagy sebäpli rus we eýranly kärdeşleri bilen, Prezident R.T. Erdoganyň bolsa Russiýanyň lideri Wladimir Putin bilen gepleşikler geçirendigini ýatladan Mewlüt Çawuşogly: “Ruslar bilen oppozisionerleri duşuşdyrmak isledik. Käbir ylalaşyklar gazanyldy, käbirleri bolsa ýola goýulmady. Gepleşikler dowam edýän mahaly Halapdaky ýagdaý has hem erbetleşdi. Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi örän wajyp” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly Halapdan çykarylan adamlara ynsanperwer kömekleriň iň tiz wagtda ýetirilmegi üçin gepleşikleriň dowam edýändigini belläp: “Hiç kim kömek etmesede Türkiýe Respblikasy hökmünde nähili ýagdaýda 3 million adama gujak açan bolsak, halaply jigilerimizede kömeklerimizi ýetireris. Taýarlyklarymyzy tamamladyk” diýdi.

Çawuşogly Halaply oppozisionerleriň Idlibe geçmekleri babatynda ylalaşygyň bardygyny habar berdi.



Degişli Habarlar