Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Obama bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Prezidentiň metbugat gullugyndan berilen beýanatda, telefon söhbetdeşliginde terror guramasy DAİŞ-e garşy göreşde geljekki tapgyrlar barada pikir alyşylandygy habar berilýär

597889
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Obama bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Berilen maglumata görä ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Azat Siriýa goşunyna berilýän goldaw bilen birlikde Türkiýäniň terror guramasy DAİŞ-e garşy alynyp barylýan göşreşe berýän goldawyna kanagatlanma bildirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Obama Türkiýäniň terror guramasy DAİŞ-e garşy hyzmatdaşlyga amatly derejede we usulda gatnaşmagy barada Türkiýe bilen Yragyň arasynda dowam edýän gepleşiklere-de kanagatlanma bildirýändigini aýtdy.

Sebitiň DAİŞ we PKK bilen birlikde ähli terror guramalaryndan saplanmalydygyna ünsi çeken Prezident Erdogan bolsa Mosuldaky operasiýanyň ünslilik bilen dowam etdirilmelidigini nygtady.

Prezident Erdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Obama Demirgazyk Yrakda ekstremist terror guramasy PKK-nyň ornaşmagyna ýol bermezlik barada-da ylalaşdylar.



Degişli Habarlar