PKK-nyň FETÖ bilen hyzmatdaşlyk edýändigi ýüze çykdy

PKK-ly terrorçynyň ykjam telefonynde "ByLock" gollanmasynyň bardygy anyklandy

PKK-nyň FETÖ bilen hyzmatdaşlyk edýändigi ýüze çykdy

 

Aýralykçy terror guramasy PKK agza terrorçynyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň aragatnaşyk gollanmasy bolan Bylocky ulananýandygy ýüze çykdy

Muş welaýatynda terror guramasyna agza bolmak bilen aýyplanýan terrorçynyň ykjam telefonynyň derňelmegi netijesinde Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agzalary tarapyndan ulanylýan aragatnaşyk ulgamy bolan Bylock programmasynyň bardygy anyklandy.

Muşda ençeme terrorçylykly hüjüm bilen arabaglanşygy bardygy we terrorçylara kömek berendigi sebäpli gözlenýän PKK-ly terrorçy Batman welaýatynda polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edildi.

PKK-ly terrorçynyň ykjam telefonynde "ByLock" gollanmasynyň bardygy anyklandy.

Welaýat häkimi Seddar Ýawuz waka bilen baglanşykly twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Terror guramasy PKK agza bolmak bilen aýyplanýan terrorçynyň telefonynda ByLock programmasyny ulanandygy anyklandy. PKK, FETÖ el-ele” diýip belledi.

Beýleki tarapdan bolsa Şyrnakda geçirilen operasiýada PKK-a agza 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Operasiýanyň barşynda köp mukdarda ýarag, ok-däri we partlaýjy madda ele salyndy.



Degişli Habarlar